Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, edebi mirasymyzy öwrenmäge we dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmaga örän uly üns berilýär. Halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen bilelikde, dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşan türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijilik mirasy çuňňur öwrenilýär. Beýik türkmen şahyryny hatyralap, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza uly sarpa goýulýandygynyň özboluşly beýany boldy. Bu ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň giň toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda bolşy ýaly, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde akyldar şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleriň, halypa ýazyjy-şahyrlaryň çeper döredijiligine gol beren ýaşlar bilen duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi barada beren öwüt-nesihatlaryndan ugur alyp, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, Görogly etrap Geňeşleriniň, Görogly etrap häkimliginiň, Görogly etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda, “Bagtyýarlyk ylhamy” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyk “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, onda “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Orazguly Annaýew, “Biznes reklama” gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýew, Görogly etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň mugallymy Nazar Hanmedow, Şabat etrabynyň medeniýet bölüminiň işgäri Nurmyrat Aşyrow, Boldumsaz etrabynyň bilim bölüminiň wekili Tumar Kiçibalowa, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Annabeg Aşyrowa dagylar çykyş edip, ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan halypa-şägirtlik ýolunyň dowamat dowamdygyny, berkarar Watanymyzyň ertirleriniň eýeleri boljak ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde Magtymguly atamyzyň döredijiligine ýüzlenmeklik, ýol-ýörelge edinmeklik, şeýle hem ýaş nesillerde şahyryň şygyrlarynda öňe sürülýän watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk, agzybirlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmek ýaly temalarda gyzykly gürrüňler edildi. Ýaş şahyrlar özleriniň Magtymguly atamyza bagyşlap ýazan şygyrlaryny uly ruhubelenlik bilen okadylar. Duşuşygyň dowamynda ýaş şahyrlar halypa ýazyjy-şahyrlara özleriniň gyzyklandyrýan soraglaryny berip, öz aralarynda sorag-jogap alyşdylar.
Döredijilik duşuşygynyň dowamynda etrabymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.
Aýdym-sazly döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar beýik akyldaryň pähim-paýhasa eýlenen çuňňur mazmunly, öçmez-ýitmez eserlerini öwrenmäge, dünýä ýaýmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdiler.
Hudaýnazar MEREDOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.