ÄNEW ŞÄHERI: GEÇMIŞIŇ BUÝSANÇLY SAHYPALARY

      Türkmen halkynyň örän gadymy we baý taryhy-medeni mirasa eýe bolandygynyň köp sanly subutnamalary ýüze çykarylan Änew şäheriniň üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi beýik taryhymyzyň şöhratly sahypalarynyň halkara jemgyýetçiligiň üns merkezindedigini görkezýär.

      Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda: «Türkmenler gadymyýetde we orta asyrlarda edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynyň sahnasyna çykyp, geçmişde şöhratly yz galdyrypdyrlar. Dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun, Änew medeniýetlerini, Altyndepe siwilizasiýasyny, Marguş şalygyny döredenler biziň şöhratly ata-babalarymyzdyr» diýip belläp geçdi. Bu jümleler türkmen taryhynyň geçmişiň uzak müňýyllyklara uzaýandygyny, ol ýoluň şöhratly sahypalara baýdygyny, netijede, biziň bu günki neslimiziň beýik aslymyza buýsanmaga doly hukugynyň bardygyny kesgitleýär.

      Änew — taryh üçinem, şu günümiz we geljegimiz üçinem täsin bir älem. Gorgan-gorgan depeleriň, belentli-pesli baýyrlaryň astynda taryhyň müňlerçe ýyllary henizem basyrylyp ýatyr. Alymlar bu topragyň her daban ýeriniň taryhdygyny, gymmatly tapyndylara baýdygyny biragyzdan tassyklaýarlar. Hut şu toprakdan tapylan bugdaý däneleri Türkmenistany ak bugdaýyň Watany hökmünde dünýä tanatdy. Şundan ugur alsak, adamzat ýaşaýşy üçin iň zerur iýmit şu toprakda ýetişdirilen bolsa, diýmek, ilkinji oturymly ýaşaýyşlar, ilkinji suwarymly ekerançylyklar, ilkinji hojalyklar we jemgyýetler, ilkinji medeniýetler şu ýerde kemala gelip başlapdyr diýip arkaýyn aýtsa bolar.

      Taryh ylmynyň maglumatlaryna daýansak, Günorta Türkmenistanyň ilatynyň taryhy ösüşinde aýratyn bir eýýam bolan eneolit, ýagny täze daş asyryndan bürünç asyryna geçiş döwrüne degişli ýadygärliklerden häzirki wagta çenli onlarçasy anyklanylyp, olaryň ilki öwrenilip başlanany Änew medeniýetidir. Şol zamanlarda suwarymly ekerançylygyň ösmegi netijesinde, ilat oturumlylyga geçip başlapdyr, maldarçylyk we ekerançylyk hojalyga berk ornaşdyrylypdyr, ekin meýdanlary giňeldilipdir. Şeýle-de demir eretmek, dokmaçylyk, küýzegärçilik ýaly hünärler özleşdirilip, toýun gap-gaçlarda çyzgylar peýda bolup ugrapdyr.

      Görnüşi ýaly, medeniýet sallançagynyň ilki bat alan ýerleriniň biri bolan Änew şäheri diňe bir türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, külli türki älem üçin-de aýratyn ähmiýete eýedir. Şu jähetden, taryhy alyslara uzap gidýän bu şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüdiň 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilmegi, soňra hormatly Prezidentimiziň bu mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekmegi biziň ählimizi buýsandyrdy.

      Üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinden başlap, bu dabaralara giň orun berildi we onuň çäklerinde ylmy-amaly maslahatlar geçirilip başlandy. Gadymy şäheriň at-abraýyny has-da beýgeltjek şeýle çäreleriň bütin bir ýyllap dowam etmegi — halkara ýaşlar forumynyň, halkara festiwallaryň, maslahatlaryň, sergileriň, halkara kinofestiwalyň geçirilmegi bu taryhy-medeni ojagy ylmy esaslarda düýpli öwrenmäge, onuň baý mirasyny dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmäge, daşary ýurtly alymlaryň ünsüni çekmäge oňyn ýardam eder.

      Taryh — geçmişiň hakydada orun alan sahypalary. Ol sahypalar bu günki nesiller üçin çuňňur buýsanjyň gözbaşy bolup, biziň ählimizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, biziň baý taryhymyz, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, nepis halylarymyz, wepadar we ýyndam bedewlerimiz, edermen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde millet hökmünde tanalmagymyzy şertlendirýän milli buýsanjymyzdyr, mertebämizdir.

 

Döwran DURDYÝEW,

Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk

mekdebiniň mugallymy.

Öňki makala

Indiki makala

HAKYKY ÜSTÜNLIK

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR