HAKYKY ÜSTÜNLIK

     Ynsanyň ömür taryhynyň ilkinji kerpiçlerini takdyr-ýazgyt goýýar. Bu binanyň boýuny ýetirmek özüňe bagly. Muhammediň bar islegi basketbolçy bolmakdy, emma dzýudo ugrundan ussat türgenleriň biri onda üýtgeşik ukybyň, başarnygyň bardygyny görýär we ony türgenleşdirýän toparyna goşulmaga çagyrýar. Muhammediň isleg-arzuwynyň beýikdigine garamazdan, bu gürrüňleriň ilkinji kysmyny nesibe hakdaky sözler doldurýar. Dzýudo bilen meşgullanýanlaryň hataryna çagyrylan Muhammet ýaponiýaly ussat türgen Ýama Motonyň elinde türgenleşýär. Öz deň-duşlarynyň arasynda mese-mälim öňe saýlanan Muhammet dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp başlaýar. Dünýä ýaryşlaryna gatnaşan ilkinji söweşlerinde ol şowsuzlyga uçraýar. Esasy sebäpleriň biri hem heniz beýle ýaryşlarda tejribesi ýokdy we şonuň üçin hem howy basylýardy. Dürli ýurtlardan gelen kameralaryň, habarçylaryň öňünde aljyraman durmak hem ýeňil-ýelpaý iş däl. Ilkinji ädimleri şowsuz bolandygyna garamazdan, ol kem-kemden özüni tutýar we dünýä derejesindäki ýaryşlarda altyn, kümüş, bürünç medallaryň ençemesini gazanýar. Bosagada Los-Anjelesdäki olimpiada. Muhammet muňa taýýarlanyp başlaýar. Ol biregne üç aýlap taýýarlyk görýär. Bu olimpiýa oýunlary hem oňa ýeňiji bolmak üçin pursatdy. Olimpiada başlaýar. Ýaryşlar gyzyşýar. Bäsdeşleriniň hem-mesinden rüstem gelen Muhammet indi jemleýji ýaryşa çykypdy. Ol finalda ýaponiýaly Ýama Şito bilen çykmalydy. Bütin müsür halky öz gerçekleriniň ýene bir altyn medal gazanjakdygyna ynam edip, uka batypdy. Emma duýdansyz habar hemmeleri geňirgendirdi. Gazetlerde gynançly waka beýan edilýärdi. Uly umyt bildirilen Muhammet olimpiadanyň çempiony däl-de, ýöne bir ýeňijisi bolupdy. Hemmeler bu waka geň galdy... Ýöne geliň, şu kyssanyň asyl manysyna seredeliň. Jemleýji duşuşykda Muhammet ýaponiýaly ussat Ýama Şito bilen çykmalydy. Ýaryşyň başynda Muhammet ähli ünsüni göreşe jemläpdi. Ýaryşyň ilki başynda ýaponiýaly türgen aýagyny gowy agyrdýar, Muhammet şol aýaga sähel kaksa ýa-da ebşitläp tutsa, ony dessine alyp ýatjak – ýeňiş onuň nesibesine öwrüljek. Emma Muhammet agyryly aýaga ýekeje urgy hem etmeýär. Onuň urgulary hem, özüni alyp barşy hem ýeňşe bolan islegini ýitiren ýaly ekeni. Tälimçisi Muhammediň ýanyna baryp, bäsdeşiniň agyryly aýagyna kakmagy buýurýar. Emma Muhammet ýylgyrýar we oňa: «Di-nim, ynanjym maňa beýle etmäge rugsat bermeýär» diýýär.Muhammet Ruşwan öz isleg-eradasy bilen ýaponiýaly türgeniň öňünde ýykylýar. Bütin älem, dünýä muňa haýran galýar. Muhammet ýylgyryp ýykyldy. Ol bäsdeşini altyn medal bilen gutlady we özüniň kümüş medalyny ýokary göterip, hiç wagt unutmadyk çagalyk ýylgyryşyny gaýtalady. Şol pursatda Muhammet dünýä ýüzüne täsin we nusga alarlyk sapak berdi: durmuş, dirilik, sagdynlyk sport ýaryşlaryndaky ýeňişden has ähmiýetlidir. Eger-de öz göreşini halal ýol, mertlik bilen gazanmajak bolsa, onuň sporta bolan arzuwynyň, ýyllar boýy geçiren türgenleşikleriniň, altyn medaly gazanmaga dörän ajaýyp pursatlarynyň hiç hili manysy boljak däldi. Birwagtlar oňa: «Taryh diňe gahrymanlary we altyn medal alanlary ýadynda saklaýar, galan zady unudýar» diýip aýdypdylar. Emma ol bu eden işine birjik-de ökünmedi. Aslynda, mertebäňi belent saklamagyň we halal hereket etmegiň özi hakyky taryhdyr. Bu taryh bilen her wagtam buýsanyp, arkaýyn gürläp bolar. Oňa: «Bäsdeşiň agyryly aýagyna kakyp, ony ýeňen bolsaňam, hiç kim saňa şeýtdiň diýmezdi. Garşydaşyň ejiz ýerini tapyp, peýdalanmak hem pursat ahyry, hemmelerem şeýdýär» diýenlerinde, ol diňe ýylgyrmak bilen jogap beripdi we hoşlaşypdy. Ol şeýtmek bilen olara  şeýle diýmek isleýärdi: «Beýik adamlar özlerini örän berk tankyt ederler, özlerine käýinerler, özlerinden görerler. Olaryň özgeleriň melamatyna hiç hili mätäçligi ýok». Bu dünýä derejesindäki uly we geň wakady... Oňa berlen jogap hem edil şol wakanyň özi ýaly täsirli boldy. ÝUNESKO Muhammet Ruşwanyň bu hereketlerini nazara alyp, ony 1985-nji ýylyň iň halal, arassa oýunçysy diýip yglan etdi. Ol «Iň oňat türgen» atly sylaga eýe boldy. Olimpiýa oýunlarynda iň adalatly oýunçy adyny gazandy. Müsüriň döwlet ýolbaşçysy ony uly hormat-sylag bilen kabul etdi. Oňa beýik ordenleri, medallary dakdy. Türgene mahsus beýik häsiýeti üçin taryplady. Ýaponiýanyň halky bu türgeni öz ýurtlarynda görmegi arzuw edip, ýörite çakylyk ýollady. Muhammet Ruşwan ça-kylyga seslendi we Ýaponiýa gitdi. Ol özüni bu ýerde sanaýmalyja sport wekilleriniň garşylamagyna garaşýardy, emma baranynda garaşylmadyk waka bilen ýüzbe-ýüz boldy. Muhammedi garşy almaga çykan adamlar köçeleri, ýollary dolduryp durdy. Olaryň arasynda syýasatçylar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türgenler we dürli kärdäki, wezipedäki adamlar bardy. Şeýle-de ol 1984-nji ýylda hem iň oňat, halal häsiýetli türgen diýen baýraga eýe boldy. Her gezek Muhammet Ruşwandan: «Aňsat ýeňiş gazanyp boljak mümkinçilikden ýüz öwürmek nämä gerekdi?» diýlip soralanda, ol: «Sebäbi dinim, ynanç-ygtykadym, durmuş ýörelgäm, pikirlerim beýle etmäge rugsat berenok» diýip jogap berýärdi. Bu sözleriň jadyly täsiri boldy. Müňlerçe ýaponiýaly bu sözleriň üsti bilen «Şeýle halal hereketlere iterýän bu din nähili dinkä?» diýip, yslam dinini okap, öwrenmäge başlady. Yslama mahsus lybaslary geýnip, musulmançylyga mahsus gylyklara bürenip başladylar.  Müňlerçe ýaponiýaly yslam dinine girendiklerini yglan etdi. Gel, biraz oýlanaly, biziň hemmämiz Muhammet Ruşwan ýaly hereket edermidik ýa-da ilki bilen garşydaşymyzyň, bäsdeşimiziň agyryly aýagyna depermidik?! Bu örän gorkunç sowal. Gör, näçe adam her günde, her sagatda, her pursatda, öz mertebesini we namysyny egisýän hereketleri edip, durmuşyň we durmuşyň öňdebaryjy adamlarynyň aýagyna depýär. Bu meniň üçin örän agyryly, ynjyly sowal... seniň üçin hem, belki, şeýledir!

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR