BAGTLY BOL! (Bagtly bolmagyň 30 ýoly)

      – Ynam we salyh amallar ajaýyp durmuşyň syrydyr, bu ikisini mäkäm tut. – Ylym-bilim al, hergiz okamakdan araňy üzme – bular aladalary gidirer. – Täzeden toba daýan-da, gabahat işleri taşla. Ters hereketler durmuşy tutuksy görkezer. – Elmydama Allany ýatla, Oňa bil bagla! – Adamlara ýagşylyk et, ýüregiň giňär. – Mert bol, gorkak, ýelýürek bolma. Mertlik ýüregiňi giňelder. – Ýüregiňi göriplikden, kine-kitüwden, kezzaplykdan, gözboýagçylykdan we her bir ýaramaz häsiýetlerden arassa sakla. – Artykmaç göz aýlama, artykmaç sözleme, gerekmejek zatlary diňleme, manysyz gürrüňlere gulak gabartma, mynasyp däl adamlar bilen oturyşma, artykmaç iýip-içme we artykmaç ýatma. – Netijeli işe ýüregiň bilen, düýrmegiň bilen beril, şonda ähli aladalaryňy we gaýgy-gamlaryňy unudarsyň. – Şu günüň bilen ýaşa, düýnüňi we ertiriňi ýadyňa salyp, gaýga batyp ýa-da howpurgap oturma. – Görk-keşp, rysk, saglyk we beýlekiler babatda özüňden peslere göz aýla we öz günüňe şükür et. – Bolup biläýjek iň ýaramaz netijäni hem saldarlap gör, soňra şoňa görä hereket et, birdenkä ol ýüze çykaýsa-da, ýeňip geçmek ruhy taýdan ýeňil düşer. – Aň-zehiniňi gorkunç hyýallaryň, eýmenç pikirleriň yzynda sergezdan, ýesir etme, pikiriňi ýaramaz endişeleriň arkasynda sel-pedip ýörme. – Gaharlanma, sabyr et, saklan, gaharyňy gizle, ýumşa we geçirimli bol. Ömür öýke göterip ýörerden örän gysgadyr. – Allanyň berýän nygmatlarynyň tükenip, hor-harlygyň güzer etjekdigini göz öňüne hem getirip oturma, her bir ýagdaýda Biribara daýan, arkaýyn we bagtly ýaşarsyň. – Her bir müşgüllige, her bir kynçylyga öz tebigy göwrümi bilen gara, olary çişirip, göz öňüne getirme. – Özüňe garşy dil düwüşýändirler öýdüp ýörme, erbetlige garaşmak ýaly ýaramaz duýgulardan doly saplan. – Durmuşy ýönekeýleşdir, çylşyrymlaşdyrma. Gereginden artyk bol-telkilige çümjek bolma. Artykmaç eşret artykmaç aladadyr. Bedeniňi barha ýumşatmaklyk ruhuňa barha ezýet bermekdir. – Özüňe berlen nygmatlary we başyňa düşen kynçylyklary deňeşdirip gör, haýsy birini alanyňda hem, gazanan sogabyň özüňedir. Girdeji elmydama ýitgiden üstün geler durar. – Adyňa aýdylan ýaramaz sözler saňa zelel bermez, ol diňe şol sözleri aýdana zyýan getirer. Şonuň üçin olar hakda asla başyňy agyrtma. – Pikirleriňi tertibe sal, elmydama sagdyn we gowy pikir et: diňe Allanyň berjek nygmatlary, gazanyp boljak üstünlikler we artykmaçlyklar hakda oýlan.– Hiç kimden taňryýalkasyna garaşma. Muny etmäge seniň hakyň hem ýokdur. Her bir ýagşylygy diňe Allanyň razylygy üçin et! – Özüňe peýdaly meýilnama düz, elmydama şony amal etmegiň pikirleri bilen ýaşa, ýollaryny agtar, şol işlere meşgul bol, alada-ünjüler golaýyňa hem gelmez. – Ähli ýagdaýlarda hem amalyň jylawyny eliňden sypdyrma, şu gün bitirip biljek işiňi ertire goýma. – Adyňa mynasyp bolan, özüňe gelşip duran peýdaly hünärleri öwren, haýsy işi edeniňde has ynjalyk tapýan bolsaň, şoňa hem ýapyş (ýüregiň ynjalyk tapýan peýdaly işini tap). – Allanyň saňa beren nygmatlary hakda pikirlen, şüküranalyk bilen gürle hem-de munuň üçin Allaha şükür et. – Allanyň saňa beren her bir nygmatyna: saglyk, baýlyk, maşgala, iş babatda kanagatly we şükürana bol. – Ýakyn-u ýat, tanyş we nätanyş adamlar bilen elmydama güler ýüzli gatnaş, olaryň gowy taraplaryny gör we aýyplaryna gözüňi ýum. – Adamlaryň säwligini yzarlap, gep-gürrüňlerini ýaýratmagy, çylkasyz sözlerini çintgäp, gybatyny edip ýörmegi bes et.– Pyýada ýöremäge, sport bilen meşgullanmaga endik et, saglygyňa üns ber.– Elmydama Alladan özür-ötünç, saglyk, ýaramly hal-ýagdaý we sag-salamatlyk dile.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Öňki makala

HAKYKY ÜSTÜNLIK

Indiki makala

PIKIR ET WE ŞÜKÜR ET!

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM