MILLI MIRASYMYZYŇ AJAÝYP GYMMATLYGY

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň köp asyrlyk durmuş tejribesi esasynda toplanan milli mirasymyzy, jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülen medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak, aýap we gorap saklamak hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, medeni ojaklarda halkymyzyň aýalyp, goralyp saklanylýan baý milli mirasynyň, medeni gymmatlyklarynyň her biriniň hasaba alnyp, ylmy taýdan öwrenilmegi hem-de olaryň ähmiýetiniň açylyp görkezilmegi bilen, bu ugurda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar.

        Ene-mamalarymyz milli mirasymyzyň ajaýyp gymmatlygy bolan halydyr palas dokamak, keçe basmak, keşde çekmek, örüm örmek, dürli alaja, jähek, aldymgaç ýüplerini taýýarlamak ýaly el işleri bilen irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelipdirler. Pähim-paýhasdan gözbaş alýan köp öwüşginli ol nusgalyk el işleri gyz-gelinlerimiz tarapyndan häzirki güne çenli ýöredilip gelinýär. Müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, müdimiligiň möhüri basylan el hünäri zenanlarymyzyň döredýän gözelligidir, abraý-mertebesidir. Türkmen zenanlarynyň milli el işleriniň asyrlar aşyp, heňňamlar aýlansa-da üýtgemän, şol bir nepisligini saklap, barha görklenmegi, möhüre öwrülen kesp-kärlerimiziň kämilliginden habar berýär.

        Gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň görnüşi bolan alajalar hem aýratyn bir sungatdyr. Türkmen gelin-gyzlary işilen, örülen alajalary lybaslaryna köňül isleglerine görä oturtmak bilen, olaryň gözelligine gözellik goşupdyrlar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda kämilleşip gelen urp-adatlaryndan, ynançlaryndan bilşimiz ýaly, alajalar adamy gözden-dilden goraýar diýip yrym edilipdir. Alajalar diňe bir egin-eşiklere berkidilmek bilen çäklenilmändir. Bu milli el işiniň nämährem nazarlardan goraýandygyna ynanan enelerimiz olary çagajyklarynyň boýnuna, goşaryna dakypdyrlar, sallançakbag, gundagbag üçin alaja örüpdirler. Öýüniň gapysyna, hojalykda ullanylýan zähmet gurallaryna, sygyr, düýe ýaly öý mallarynyň, türkmeniň uçar ganaty bolan bedew atynyň hem boýnuna alaja dakmak halkymyzyň ýörgünli däbidir.

        Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda belleýşi ýaly: “El işleriniň görnüşlerinde ak bilen gara reňkiň gezekleşdirilip döredilýän, gözden, dilden goramak güýjüne eýe bolan alaja nagyşyna orun berilmegi hem halkymyzyň ak reňkiň jadysyna ynanýandygynyň özboluşly nyşanydyr”. Ene-mamalarymyz alajalaryň ynsany göze görner-görünmez bela beterlerden goraýandygyna ýüregi bilen ynanypdyrlar. Türkmen zenany eli çeperligiň, kalby joşgunlylygyň, ýüregi mähir-muhabbetliligiň, edep-ekramyň mekdebidir. Türkmen zenanynyň işeňňirlik, öňdengörüjilik, asyllylyk bilen ýerine ýetirýän sadadan sypaýy el işleri dünýä nusgalykdyr.

        Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň goragly, aýawly saklanylmagyny üpjün etmek, onuň baýlaşmagyna, döwrebap röwüşde kämilleşmegine zerur şertleri döretmek belent mertebedir. Şeýle asylly ýörelgeleri döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwüren, türkmen milliliginiň, milli gymmatlyklaryň geljekki nesillere ýetirilmegine, dünýä ýaýylmagynda taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun.

 

Aýbibi TÄÇMYRADOWA,

TMÝG-niň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar