BAGTYÝAR ZAMANANYŇ BAGTLY ÝAŞLARY

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerine buýsanyp ýaşamagyň özi ykbalyň bize eçilen peşgeşidir. Bu gün Güneşli ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ösüş ýoly bilen öňe barýar. Şeýle bolan soň, Diýarymyzyň her bir ýaşaýjysy halka, Watana hyzmat etmegi, ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşmagy özleriniň mukaddes borjy hasaplaýarlar. Eşretli zamanamyzda ylymly, bilimli, giň göz ýetimli, arassa ahlakly, ynsanperwer we ruhubelent ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Biz Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir tutumly işlerini, döwletli başlangyçlaryny uly gyzyklanma bilen ýaş ýüregimizden kabul edýäris. Sebäbi, ýurtda amala aşyrylýan özgertmeler ilki bilen biz ýaşlaryň bähbidine gönükdirilendir.

       Nesil terbiýesi türkmen halkynyň ilkinji orunda goýup, ähli ukyp-başarnygyny, görüm-göreldesini siňdirýän meseleleriniň biri. Hormatly Prezidentimiz geçirýän her bir mejlisinde bular dogrusynda aýratyn nygtaýar. Çünki ýaşlar biziň geljegimiz, döwletimiziň geljekki ykbalyny çözmeli adamlar. Şonuň üçin hem, geljekki neslimiziň şu günden aladasyny edip, olaryň ähli tarapdan kämil bolmaklaryny gazanmak maksady bilen biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sargytlaryndan ugur alyp, ýaşlar döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde yzygiderli işleri alyp barýarys. Mekdep okuwçylaryň, talyp ýaşlaryň, edara-guramalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda maslahatlar, duşuşyklar, sport ýaryşlaryny, surat bäsleşiklerini, wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip durýarys. Mundan başga-da her ýylda «Merdana nesil», «El hünäri — il gezer», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Gulbaba» adyndaky çagalar baýragyny almak ýaly bäsleşikler geçirilmegi döredijilikli ýaşlaryň kemala gelmegine giň ýollary açýar.

       Ýaşlaryň bagtyýar şu güni we röwşen geljegi ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

 

Maral HUDAÝKULYÝEWA,

TMÝG-niň Saýat etrap Geňeşiniň Sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar