WOLLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

        Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, “Zehinli nesil” hojalyk jemgyýetiniň Daşoguz şahamçasy bilen bilelikde, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýä, sporta çekmek, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, sporty we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak maksady bilen, “Sagdynlyk, belent ruh – geljegiň ösüşlerine badalga” atly şygar astynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşige okuw merkezinden jemi 12 sany ýygyndy topar gatnaşyp, olar öz aralarynda ýaryşdylar. Onuň netijelerine laýyklykda, “Paýhas” topary 1-nji orna, “Nesil” topary 2-nji orna, “Asuda” topary 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlara bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan Hormat hatlary we Kubok gowşuryldy.

 

Meýlis ATAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar