Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrabyň 55-nji orta mekdebinde ýaş nesillerimiziň arasynda tertip-düzgüni berkitmek, olaryň millilik, ynsanperwerlik hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak maksady bilen, wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň hem-de etrap polisiýa bölüminiň wekilleri, şeýle-de, mekdebiň mugallymlary çykyş etdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alyp, ýaşlarda zähmete söýgi döretmek, olaryň ylym-bilime has-da yhlasly, döredijilikli çemeleşmeklerini gazanmak babatynda giňişleýin we täsirli çykyşlara giň orun berildi.
Farruhbek HAÝITOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Şabat
etrap Geňeşiniň başlygy.