Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatynda alnyp barylýan asylly başlangyçlary hem-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek, ýaşlarda daşky gurşawa, tebigata aýawly garaýşy, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek maksady bilen, «Ýagty ertirleriň goragynda» şygary astynda arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini geçirmek, nahallara ideg etmek boýunça ýowar geçirdi. Daşoguz welaýatynyň Baş metjidiniň günorta böleginde geçirilen ýowara Ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary ýokary ruhubelentlikde hem-de uly höwes bilen gatnaşdylar. Ýowarda arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri geçirildi, şeýle-de, öňden bar bolan nahallara zerur idegler edildi.
Şeýle häsiýetli çäreler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher, etrap Geňeşleri tarapyndan yzygiderli geçirilýär. Netije-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak syýasatyny durmuşa geçirmekde, eziz Watanymyzy gülledip ösdürmekde ýaşlar hem öz şahsy goşantlaryny goşýarlar.
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.