ZEHIN BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

       Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, 7-nji çagalar bagynda «Biz – bagtyýar nesiller» atly zehin bäsleşigini geçirdi. Çagalar bagynda terbiýelenýän körpe nesilleriň bilim derejesini artdyrmak, olaryň pikirleniş ukyplaryny, ýatkeşligini ösdürmek maksadynda geçirilen zehin bäsleşigine 7-nji çagalar bagynyň mekdebe çenli taýýarlaýyş toparynda terbiýelenýän çagalar gatnaşdylar. Çagalar bagynda terbiýelenýän, zehin bäsleşigine gatnaşan çagalar türkmen, rus, iňlis dillerinde goşgy aýtmak, suratlara seredip gürrüň bermek, öz ýaş aýratynlyklaryna görä matematiki we zehin sowallara jogap bermek, matal, tapmaça aýtmak ýaly şertler boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň ahyrynda üstünlikli çykyş eden we işjeň gatnaşan çagalara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar