Şu günler "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň "Daýanç" sagaldyş merkezinde ýurdumyzyň öňdebaryjy zenanlarynyň gatnaşmagynda okuw-maslahaty geçirilýär.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işini kämilleşdirmek, ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak maksady bilen guralan okuw maslahaty "Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýollarynda türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar" diýlip atlandyryldy.
Maslahatda çykyşlara giň orun berlip, olarda Zenanlar birleşiginiň ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda hereket edýän ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýerine ýetiren işleri, zenanlary milli ruhda terbiýelemek, döwrüň gazanan üstünliklerinde zenanlaryň hyzmatyny ýokarlandyrmak maksady bilen öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli söhbetdeşlikler, hasabatlar diňlenildi.
Öňdebaryjy, işewür zenanlaryň hatarynda Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda, orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän zenanlaryň bolmagy has-da buýsançly ýagdaýdyr.
Okuw maslahatynyň çäklerinde guralan dabaraly çäreler, "tegelek stoluň" başyndaky söhbetdeşlikler has-da täsirli boldy. Aýdym-sazly dabaralarda Balkan welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleri joşgunly aýdym-sazlary bilen döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan döwletli işlerimizi, zenanlarymyzy belent heňde wasp etdiler. "Tegelek stoluň" başyndaky söhbetdeşliklerde bolsa ýurdumyzda gelin-gyzlara goýulýan belent sarpa, döredilýän mümkinçilikler dogrusynda zenanlaryň buýsançly söhbetleri ýazgy edildi.
Şeýle söhbetdeşlikleriň biri-de, düýn, "Daýanç" sagaldyş merkeziniň medeniýet merkezinde geçirildi. "Miras" teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen gepleşikde bagtyýar zenanlar Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde ýokary derejede durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty, zenanlaryň hukuklary, ýaş zenanlar üçin döwlet goldawy, maşgala mukaddesligini goramakda zenanlaryň wezipeleri dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.