Düýn Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde bu ýerde bilim alýan bagtyýar talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabaraly duşuşyk geçirildi. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli dana şahyryň döredijiliginiň ähmiýetini has-da ýokarlandyrmak, onuň dünýä edebiýatyndaky mynasyp ornuny wagyz etmek, ýaşlaryň şahyryň döredijiliginde waspy ýetirilýän türkmençilik we beýik ahlak häsiýetleri esasynda terbiýelemek maksady bilen geçirilen dabaraly duşuşyk «Magtymguly Pyragy şygryýet äleminiň çyragydyr» diýlip atlandyryldy.
Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň giň şahyrana dünýäsi, onuň nesilleri milli ruhda terbiýelemekdäki ähmiýeti, şeýle hem akyldar şahyryň döredijiliginiň diňe bir nusgawy edebiýatymyzyň kämilleşmeginde däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň baýlaşmagynda bitiren uly hyzmatlary dogrusynda täsirli gürrüňler edildi hem-de dana şahsyýetimiziň döredijiligini geljekki nesillere ýetirmekde döredip berýän giň şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Dabaranyň dowamynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde zähmet çekýän we bilim alýan ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan şirin aýdym-sazlar onuň täsirliligini has-da ýokarlandyrdy.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.