ÝAŞ NESLIŇ TERBIÝESI UGRUNDA

     Düýn Arkadag şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

     Akyldar şahyryň döredijiliginde waspy  ýetirilýän türkmençilik we beýik ahlak häsiýetlerini ýaş nesillere düşündirmek maksady bilen geçen söhbetdeşlikde täsirli çykyşlar beýan edildi. Olarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň beýik häsiýetlerini, asyllylyk, ynsaplylyk, ýokary ahlaklylyk, watansöýüjilik, halallyk, mertlik, gaýduwsyzlyk ýaly adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýän ýaş nesilleri kemala getirmek döwrümiziň möhüm meselesi hökmünde garalýar. Hut şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde anyk wezipeler goýulýar. Beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ömür ýoly bolsa ýaşlar üçin nusgalyk ýol saýylýar.

     Halkymyz özüniň hem-de ýaş nesilleriniň ahlagyny türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky öwüt-ündewlere laýyk terbiýelemäge çalyşýar. Bu bolsa halkymyzy milli terbiýä ýugurýar. Milli terbiýä ýugrulmak bolsa beýik adamkärçilik sypatlaryny güýçlendirip, kämil şahsyýetleriň döremegine getirýär.

     Milli ruhly nesilleri kemala getirmeklige aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ebedileşdirilýär, şahyryň şanyna uly toýlar tutulýar.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY