DANA ŞAHYRY HORMATLAP DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

      Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramaklarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli şahyryň döredijiliginde waspy ýetirilýän türkmençilik we beýik ahlak häsiýetlerini ýaş nesillere düşündirmek maksady bilen halypa ýazyjylaryň gatnaşmagynda «Arkadagyň paýhasyndan sarpalydyr Pyragy» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

      Döredijilik duşuşygyna halypalar – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil-edebiýat, taryh we pedagogika ylymlary bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Myrat Tuwakow, «Garagum» žurnalynyň jogapkär katibi Nurtäç Annamuhammedowa, Ahal welaýat medeniýet merkeziniň hünärmeni, şahyr Aýgül Garaýewa, şeýle hem Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň taryh mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Gülälek Geldimyradowa, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Döwletmyrat Baýramgeldiýew gatnaşyp, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň gymmaty, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe goýulýan belent sarpa we ylmy taýdan öwrenilişi, şeýle hem ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

      Aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň dowamynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bagtyýar talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde belentden ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar duşuşygyň täsirliligini has-da ýokarlandyrdy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar