DÖREDIJILIK SERGISI GEÇIRILDI

      Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Türkmen Döwlet Ýörite çeperçilik mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirliginde ady agzalan mekdebiň mugallymlarynyň toparlaýyn döredijilik sergisi geçirildi. Sergä Türkmen Döwlet Ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen bagly eserleri, şaý-sepleriň dürli görnüşlerini, umuman aýdanymyzda milli gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän sergi giň ähmiýete eýe boldy. Sergä gatnaşanlar gurnalan sergide milliligimiz hem-de beýik şahyrymyzyň döredijiligi bilen ýakyndan tanyş bolmaga mümkinçilik gazandylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmeniň beýik häsiýetlerini, adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýän ýaş nesilleri kemala getirmek döwrümiziň möhüm meselesi bolup durýar. Sergä gatnaşan ýaşlar özleri üçin döredilip berilýän mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Bibigözel AÝYMOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň 

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 129 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 91 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI