Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň mejlisler jaýynda talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy şeýle hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň halkymyzyň eline gowuşmagy mynasybetli «Watanyň geljegi ýaşlar» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde şeýle hem, olarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi terbiýelemekde alnyp barylýan işler dogrusynda buýsançly beýan etdiler. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda hem akyldar şahyrymyzyň döredijiliginden ugur alyp, ýaşlaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri, ata Watanymyza özleriniň halal zähmetleri bilen mynasyp goşant goşmaklary hakynda hem nygtaldy.
Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýaşlara döredilýän mümkinçilikler üçin alkyşlar bolsa, her bir maslahata gatnaşanlaryň ýürek senasyna öwrüldi.
Gülsähra AMANOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.












