Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu ýörelge Watanymyzyň döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen gatnaşyklaryň netijeli ösdürilmegi hem aýdylanlary doly tassyklaýar. Bu ugurdaky köpýyllyk işiň oňyn tejribesi onuň uly geljeginiň aýdyň subutnamasydyr.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýewiň, ÝUNESKO-nyň jemgyýetçilik we ynsanperwer ylymlary departamentiniň başlygy Suriýa Saad-Zoiniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn gepleşikler geçirildi. Maslahatda Türkmenistanda ýaş nesilleriň döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanýan üstünliklerine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtaldy. Şeýle hem, duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby bilen tanyşdyryldy. Kitapda ýaşlaryň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň giňişleýin beýan edilýändigine aýratyn üns çekildi.
Täsirli geçen maslahatda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hereketleriň meýilnamasy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleri dogrusynda pikir alşyldy.
Ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Rustam DURDYÝEW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlyk
bölüminiň esasy hünärmeni.