Beýik akyldar şahyrymyz, söz ussady Magtymguly Pyragy türkmeniň nusgawy edebiýatynyň kuwwatly sütünidir. Bu barada edebi mirasymyza, sözüň gymmatyna we güýjüne aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr» diýip örän jaýdar belläp geçýär. Edebiýatyň Magtymgula çenli ösüş taryhynda halkyň durmuşyny, pajygaly döwrüň bir-birinden möhüm wakalaryny Pyragy ýaly içgin, çuň şöhlelendiren şahyry tapmak kyn. Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutan, edebi dili halkyň gepleşik dili bilen birleşdiren akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi öz döwrüniň türkmen durmuşynyň ähli meselelerini öz içine gurşap alypdyr. Onuň döredijiliginde edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, mertlik-namartlyk, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwlet ýaly pelsepewi garaýyşlaryndan başga-da, gündelik durmuşy — döwrüniň toýuny-ýasyny, durmuş günemasyny suratlandyrýan, türkmen tebigatyny, uz gelin-gyzlaryny, batyr ýigitlerini wasp edýän şygyrlary-da sanardan gaty kän. Akyldar şahyryň şygyrlary umman ýaly giň, gözgi ýaly dury, dür deýin juda gymmatly. Hut şonuň üçin hem Magtymgulynyň döredijiligini Jemşidiň jamyna meňzedipdirler.
Gahryman Arkadagymyz pähim-paýhaslara ýugrulan «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden edebi mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda beýik akyldaryň ynsanperwer taglymatlarynyň esasynda nesilden-nesle terbiýelenip gelýär» diýip belleýär.
Magtymguly Pyragynyň eserleri ýaş nesillerimizde watançylyk duýgularyny ösdürmegiň egsilmez çeşmesi hökmünde çykyş edýär, çünki beýik akyldaryň öz döwründe hemmetaraplaýyn kämillige ýeten şahsyýetdigi bütin dünýäde ykrar edilýär. Munuň şeýledigine akyldaryň şygyrlary doly güwä geçýär. Beýik söz ussadymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen watançylygy, ynsanperwerligi ündeýän eserleriniň ýokary ahlaklylyk we çeperçilik gymmaty olary öwrenmegiň, wagyz etmegiň zerurlygynyň güwäsidir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde dostluga, edermenlige, watansöýüjilige çagyrýan ajaýyp eserleri bilen belli bolan Magtymgulynyň edebi mirasyny wagyz etmek, halkara gatnaşyklary we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli çäreleri geçirmegiň zerurdygy barada belleýär. Şol sebäpli hem ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, aýratynam Watanymyzyň röwşen geljegi hasaplanýan ýaş nesillerimiziň bilim alýan bilim ojaklarynda Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligine bagyşlanan çäreler yzygiderli guralýar. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň adyny uly buýsanç bilen göterýän iri jemgyýetçilik guramasy bolan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyz tarapyndanam ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan wagyz-nesihat işlerimiziň agramly bölegini beýik akyldaryň baý döredijilik dünýäsine bagyşlanan çäreler düzýär. Pyragynyň garaşsyz, berkarar döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik baradaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Akyldar şahyryň kämil many-mazmunly çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary ösüp gelýän ýaş nesli oňat okamaga, halal zähmet çekmäge, belent maksatlary nazarlamaga ruhlandyrýar. Şol sebäpli hem beýik söz ussadymyzyň döredijiligini hemmetaraplaýyn öwrenmek we ösüp gelýän ýaş nesillere öwretmek iňňän gyzykly hem täsirlidir. Müňýyllyklardan bäri adalatlylygy, jomartlygy, hoşniýetliligi, kalbynyň giňligi, açyklygy we parahatçylyksöýüjiligi bilen tapawutlanýan türkmen halkynyň ruhunyň synmaz edebi sütünleriniň biri bolan dana Magtymguly Pyragynyň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleriniň, ýörelgeleriniň häzirki syýasatymyzyň esaslaryny düzýändigi barada ýaşlara gürrüň bermekligi, wagyz etmekligi biz özümize mukaddes borç hem egsilmejek buýsanç hasaplaýarys.
Nadira RAHMEDOWA,
TMÝG-niň Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.