Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygary halkymyzyň, aýratyn-da ýaşlaryň dilleriniň senasyna, köňülleriniň owazyna öwrüldi. Her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy netijesinde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, ýaşlarda uly seslenme döretdi. Kalplary watansöýüjilige ýugrulan nesiller dana şahyrymyzy hormatlap, onuň adyny ebedileşdirmek, döredijiligini geljekki nesillere ýetirmek babatda durmuşa geçirilýän işlere ýaşlar uly gyzyklanma bilen gatnaşýarlar we netijeli hyzmatlary alyp barýarlar. Ýaşlaryň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleridir işjeň agzalary-da bu işde guramaçylykly çäreleri geçirýärler.
Şeýle çäreleriň biri, ýakynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde geçirildi. Bu ýerde bilim alýan bagtyýar talyplaryň arasynda geçirilen döredijilik we çeper okaýyş bäsleşigi «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr» diýlip atlandyryldy.
Bäsleşigiň şertleri boýunça oňa gatnaşyjy ýaşlar Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan birini türkmen we daşary ýurt dillerinde ýerine ýetirdiler. Ikinji şertinde bäsdeşler şahyryň bir eserini aýdym görnüşinde ýerine ýetirip, çekeleşikli geçen bäsleşigiň üçünji şertine laýyklykda oňa gatnaşyjylar emin agzalary tarapyndan Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we ömür ýoluna degişli soraglara jogap berdiler.
Turuwbaşdan täsirli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.