ZENAN GÖZELLIGIŇ NUSGASYDYR

       «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli dürli medeni çäreleriň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegine giň orun berilýär. Milli senenamamyzda aýratyn orun alan bu baýramçylyk mynasybetli biziň zähmet çekýän medeni ojagymyz bolan Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem «Zenan — gözelligiň nusgasy» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Uly baýramçylyk ruhuna beslenen serginiň açylyş dabarasyna mährem enelerimiz, gelin-gyzlarymyz, aýdymçy-sazandalarymyz, welaýatymyzyň halyçylary, suratkeşleri, folklor toparlary we beýleki sungat ussatlary özleriniň döredijilik eserleri bilen gatnaşdylar. Bagşylar toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşan bu baýramçylyk çäresi ildeşlerimize ruhubelentlik paýlap, olaryň döredijilik ruhuny artdyrdy.

       Serginiň açylyş dabarasynda welaýatymyzyň öňdebaryjy gelin-gyzlarynyň, sungat ussatlarynyň baýramçylyk gutlaglary diňlenildi. Olar öz çykyşlarynda köpasyrlyk däp-dessurlarymyzyň, millilik ýörelgelerimiziň, maşgala däpleriniň jemgyýetimizde dowam edip gelmeginde gelin-gyzlarymyzyň aýratyn ornunyň bardygyny nygtadylar. Şeýle hem çykyşlarda Berkarar döwlerimizde öý-ojaklarymyzyň eýesi, maşgala sütüniniň binýady saýylýan gelin-gyzlarymyza, zenanlarymyza belent sarpa goýulýandygy, olaryň dürli ýeňillikler we durmuş goldawlary bilen üpjün edilýändigi nygtaldy. Bu baýramçylyk sergisinde ýerleşdirilen önümlerde gelin-gyzlarymyzyň sünnäli gollaryndan çykan el işleriniň ajaýyp nusgalaryna aýratyn ähmiýet berildi. Halaç etrabyndaky «Çeper» halyçylyk kärhanasynyň halyçy gelin-gyzlarynyň dokan dürli görnüşli we dürli ölçegli haly önümleri bu sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Şeýle hem sergide ýerleşdirilen diwarlyklarda, döredijilik eserlerinde welaýatymyzyň etrap-şäherleriniň sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň we çagalar we döredijilik öýleriniň gurnak toparlarynyň el we döredijilik işlerine giň orun berildi. Haly, keçe, kilim önümleri bilen bezelen sergi türkmen gelin-gyzlarynyň milli el işlerini ýerine ýetirmekde ussatlygynyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Şeýle-de sergide ýerleşdirilen surat eserlerinde, diwarlyklarda, senetçilik önümlerinde, amaly-haşam sungatynyň eserlerinde milliligimiz öz beýanyny tapdy. Dabaranyň dowamynda welaýatymyzyň suratkeşleri we halyçy gelin-gyzlary halypa-şägirtlik ýoly esasynda ussatlyk sapaklaryny hem geçip görkezdiler. Welaýatymyzyň bagşylar toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary serginiň tomaşaçylaryna uly ruhy lezzet paýladylar. Sergi baýramçylyk günlerine çenli dowam eder.

 

Tawus GURBANOWA,

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni,

TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2024 | 23 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY

28 Iýun 2024 | 61 okalan

TÜRKMEN RUHUNYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

28 Iýun 2024 | 24 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI