SAHNADA EÝJEJIKLER

       Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yzygiderli döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Şolaryň biri-de her ýyl Halkara zenanlar gününe gabatlanyp ýaş körpejeleriň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşigidir. Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir şanly ýylynda ýurdumyzyň ähli etrap-şäherlerinde bu şadyýan bäsleşik yzygiderli geçirilip dur. Bagtyýar nesilleriniň şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden ruhlanyp, biz hem orta mekdeplerde okaýan zehinli gyzjagazlaryň gatnaşmaklarynda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň Türkmenabat şäher tapgyryny guramaçylykly geçirdik. Bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar öz başarnyklary bilen, döredijilik çykyşlary bilen Watanymyzyň ösüşlerini, ajaýyp döwrümizi, bagtyýar çagalygy wasp etdiler. Şeýle hem olar milliligimizi dowam etdirmek, el işlerini etmekde öz başarjaňlyklaryny görkezdiler.

       Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Jennet Ergeşowa 1-nji orna mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeňijileri we üstünlikli çykyş eden körpeleri TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk.

       Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesil hakyndaky tagallalaryndan ruhlanyp ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakda, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda alnyp barylýan işlere mundan beýläk-de işjeň gatnaşarys.

 

Umyda MERDANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň

 sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 0 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 64 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR