«IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ — 2024» BÄSLEŞIGINIŇ KERKI ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

       Şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde tassyklanan düzgünnama esasynda ýurdumyzyň ähli etrap-şäherlerinde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» bäsleşiginiň geçirilýär. Biz hem etrabymyzyň 36-njy orta mekdebinde bu bäsleşigiň etrap tapgyryny geçirdik. Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirilýän bu şadyýan bäsleşik etrabymyzyň bagtyýar körpelerinde uly ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi. Onda Kerki etrap bilim bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň hünärmenleri, Kerki etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary eminlik etdiler. Bäsleşigiň dowamynda şadyýan gyzjagazlar berlen şertlere laýyklykda öz ukyplaryny, başarnyklaryny görkezdiler. Milli lybaslarymyzy geýnen gyzjagazlar jorap örmek, alaja örmek, zenanlarymyzyň egin-eşiklerini milli nagyşlar bilen bezemek boýunça-da öz ussatlyklaryny görkezdiler. Şeýle hem körpeler aýdym-sazly döredijilik çykyşlary, sahna oýunlary bilen ildeşlerimize uly ruhubelentlik paýladylar.

       Bäsleşigiň Kerki etrap tapgyrynyň netijeleri boýunça etrabyň 36-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Zübeýda Döwletowa birinji orna mynasyp boldy we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Kerki etrabyndaky 32-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Kümüşbibi Çaryýewa bäsleşigiň ikinji ornuny eýeledi. Kerki etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Käbe Atabaýewa, 29-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Leýli Tirkeşowa, 2-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Diýara Türkmenowa dagylar bäsleşigiň üçünji ornuna mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolan we gatnaşyjy gyzjagazlara TMÝG-niňLebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Atajan JORAÝEW,

TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 20 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 74 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR