DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

      Şanly ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem beýik söz ussadynyň  döredijilik dünýäsini halkyň arasynda wagyz etmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Ynha, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli biz hem etrabymyzyň ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda dürli mazmunly çäreleri geçirýäris. Şeýle çäreleriň birini ýakynda Darganata etrap etrap bilim bölümi hem-de etrap Merkezi kitaphanasy bilen hem bilelikde guradyk. Ýagny Darganata etrap Merkezi kitaphanasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak, şeýle hem akyldaryň şygyrlarynyň ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Duýguly dünýä» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi.

      Etrabymyzyň mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen döredijilik bäsleşiginde ýaşlar berlen şertlere laýyklykda çeper döredijilige bolan garaýyşlaryny, edebiýata söýgüsini görkezdiler. Ýagny 1-nji şerte laýyklykda okuwçylar berlen wagtyň dowamynda eminler tarapyndan kesgitlenilen tema boýunça goşgy düzdüler. 2-nji şertde olar Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan okalan setirleriň yzyny dowam etdiler. 3-nji şertde bäsdeş okuwçylar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi boýunça berlen soraglara jogap berdiler. Bäsleşik çekeleşikli we gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Bäsleşikde 1-nji orna Darganata etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Oguljeren Berdimyradowa, 2-nji orna Darganata etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Läle Çaryýewa we 3-nji orna Darganata etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şanur Myradow mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşan okuwçylar öz düzen goşgulary bilen çykyş edip, bäsleşigiň şowhunyny has-da artdyrdylar. Çärä gatnaşyjylara TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar goşuryldy.

 

Sumbar MAMEDBAÝEWA,

TMÝG-nyň Darganata etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR