SAGDYN NESILLER – ATA WATANYMYZYŇ GELJEGIDIR

       Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň geljeginiň ýaşlarymyz bilendigini, olaryň ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydygyny, şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidigini aýratyn nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň sagdyn ruhly we belent ahlakly bolup ýetişmekleri ugrunda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi we ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmek ugrunda aýratyn aladalanmagy netijesinde sporty hemişelik hemra edinýän ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar. Olar yklym we halkara sport ýaryşlarynda Watanymyzyň gün-günden ösýän sport abraýyny dünýäde dabaralandyrýarlar.

       Biz hem ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan ugur alyp golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde etrabyň 1-nji sport mekdebinde sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça tälim alýan ýaşlaryň arasynda özara sport ýaryşlaryny guradyk. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli geçirilen ýaryşyň esasy maksady geljegimiz bolan ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmakdan we sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. «Sagdyn nesiller – ata Watanymyzyň geljegidir» atly şygar astynda geçen bäsleşige etrabymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary uly ruhubelentlik bilen gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny, erjelligini görkezdiler. Gyzykly geçen ýaryşyň netijesinde, onuň emin agzalary mekdep okuwçylarynyň arasyndan has ussatlaryny – ýeňijileri ýüze çykardylar. Çekeleşikli geçen ýaryşlar ýaşlara öz ussatlyklaryny artdyrmaklaryna, tejribe toplamaklaryna ýene bir mümkinçilik boldy. Ýeňijilere TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Şöhrat KADYROW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA