TANKYT-TEÝENÄ DÖZ GELMEK

       Gününden nägile, Allanyň berenine näşükür, nygmata bigadyr adamlar rysgal berýän we etjek işini anyk bilýän Beýik Ýaradandan hem närazy bolup, Biribardan zeýrenýärler. Ýeri, onsoň ýazygy, günäsi çökder bolan ikimiz ýalylar şeýle adamlardan nämä garaşsyn? Olara gulak gabartjak bolsaň, onda durmuşyňy uruş-darkaş bilen ötürmeli bolýarsyň. Olaryň ajy, hiç hili rehim-şepagaty, geçirimliligi, pälinden gaýtmyşy bolmadyk tankydy bilen ýüzbe-ýüz bolarsyň. Sen olaryň bilkastlaýyn we öň torç edilen sapaklarynyň öňünde döwülermiň? Bilgeşleýin kemsitmelerine çydam etmän, ejizlärmiň? Çydamly bol, beýik bolarsyň. Gaýalar ýaly dym, haýbatly bolarsyň. Depäňden inýän doly däneleri hem saňa gelip urlanda, özi döwülsin dursun. Mäkämlik, sarsmazlyk, ýanbermezlik beýikligiňi, başarnygyňy we barlygyňy saklap galmak üçin zerurlykdyr. Eger-de sen bu zeýilli adamlaryň boş gürrüňlerine gulagyňy gabardyp, olaryň hörpünden gopjak bolsaň, öz arzuwlaryňy däl-de, olaryň matlaplaryny hasyl etjek bolsaň, onda durmuşyňy bulandyryp, ömrüňi çaňa garmaly bolarsyň. Heý, adam ogly, olara görä gopma-da, elmydama ýagşy niýetde, ýagşy amalda, ýagşy edepde bol. Olardan ýüz öwür we olaryň edýän hile-mekirliklerinden hiç wagt howatyrlanma. Ynsan gatnaşyklary sözlüginde olaryň bu bişeýkel tankytlary köpçüligiň saňa bolan hormaty hökmünde terjime edilýär. Jemgyýetdäki ornuňa, agramyňa görä hem seniň tankydyň, teýenäň artar durar. Sen hiç mahal olary agyzzyryklap (agzyny baglap) bilmersiň. Dillerini daňyp bilmersiň. Ýöne sen olaryň teýenesini, tankydyny öz hoşgylaw häsiýetiň, haýyr işe yhlasyň, olaryň sözlerine bolan biperwaýlygyň, gürrüňlerine üns bermezligiň bilen ýere depin edip bilersiň. Artykmaç gylyk-häsiýetleriň, haýyr-sahawatlaryň, şähdaçyk gülerýüzlüligiň bilen, gowy häsiýetleriňi has köpeldip, egri ýerleriňi düzetmek arkaly, olaryň hindi burçy ýaly ajap duran agyzlaryna suw sepip bilersiň. Eger-de sen ähli adamyň ýanynda salykatly, hiç kimiň göwnüni ýykmaýan, ähli nogsanlyklardan sap adam bolmak isleseň, sen bu maksadyňa hiç wagt ýetip bilmersiň. Bu seniň bolmajak zady isleýändigiňi aňladýar, çünki ähli adamlaryň göwnünden turmak mümkin däldir.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR