DÄP-DESSURYMYZ — GENJI-KÄNIMIZ

       Türkmeniň milli egin-eşikleri köp babatda tebigat bilen hem baglydyr. Gelin-gyzlarymyz ýaz paslynda açyk ýaşyl, gyzyl, al, melewşe reňkli lybaslary geýýärler. Ýigitlerimiziň geýýän toý geýimleri hem ýaz paslynyň reňkinde. Türkmen milli egin-eşikleriniň aýratynlyklaryny olaryň bejergilerinde we salynýan nagyşlarynda görmek bolýar.

       Türkmen gyzlary 7 — 10 ýaşa ýetenlerinde bejerginiň usullaryny we tilsimlerini ele alýarlar.

       Türkmen milli egin-eşikleri matanyň görnüşlerine görä bejergi nagyşlary bilen başga halklaryňka meňzemeýän özboluşly häsiýete eýedir. Gyz-gelinleriň köýnekleriniň ýakalary uzyn, erkek adamlaryň köýnekleriniň ýakalary bolsa «çäkýaka», «ezýaka», goşa ýaka görnüşlerinde bolýar. Halkymyzda milli egin-eşikler, esasan, ýaş aýratynlyklaryna görä geýlipdir. Türkmen toýlarynda ýigitlerimizi gyrmyzy donsuz, silkme telpeksiz, gyz-gelinlerimizi bolsa milli ketenisiz, al-ýaşyl çyrpysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen gelin-gyzlarynyň köýnekleri hem özboluşly aýratynlyklara eýedir. Zenan lybaslarymyz köýneklik matany biçmekden nagyşlarynyň salnyşyna çenli dünýä halklarynyňkydan düýpgöter tapawutlanypdyr. Halkymyz islendik bir işiň başyny tutanda hem türkmençilikden ugur alypdyr. Gelin-gyzlarymyz agzybirlikde keşde çekip, gaýma gaýap, tahýa tikipdirler. Olary dürli-dürli nagyşlar bilen bezäpdirler.

       Gahryman Arkadagymyzyň ejesi Ogulabat eje biziň ählimize, hususan-da, ýaş gelin-gyzlarymyza nusgalyk zenandyr. Onda türkmen zenanyna mahsus salyhatlylyk, kanagatlylyk, döwletlilik, belent adamkärçilik, maşgala ojagyna wepalylyk, ussat çeper ellilik häsiýetleri jemlenendir. Bu häsiýetleri barada mähriban Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde hem giňden beýan edýär.

       Ogulabat ejäniň maşgala ojagyna bolan yhlasy, şeýle-de el hünärine berýän ünsi barada näçe aýtsaň-da bärden gaýdýar. Çünki Ogulabat eje her keşdäni nagşa, her nagşy gözellige, her gözelligi bolsa sungat eserine öwürmegi başaran zenandyr. Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören alajasyny Gahryman Arkadagymyz täze doglan taýlara, bedewlere dakanda çäksiz buýsanýarys.

       Häzirki günde hem biziň gyz-gelinlerimiz özleriniň çeper elleri bilen keşde çekýärler, gaýma gaýaýarlar. Çünki ol keşdedir nagyşlaryň taryhynda ene-mamalarymyzyň ussatlygyny, wepadarlygyny, edermenligini görmek bolýar. Türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýan, ata-enelerimizi, pederlerimizi arşa göterip türkmen halkyna, ýaşlara ýol görkezip, görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowamat-dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.

 

Gülnabat MYRADOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň

guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri.

Öňki makala

GEÇEN GEÇDI

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR