Geçeni ýatlap, geçmişiň hyýalynda gezmek, geçmişi yzyna dolajak bolmak, öten günüň hesretine gyýlyp ýörmek akmaklyk we dälilikdir, erk-islegiňe tagna salyp, oňa kast etmekdir, häzirki durmuşyň ýoguna ýanmakdyr. Akyldarlar geçmişiň hasap depderini düýrleýärler hem-de ol hakda söhbet etjek bolmaýarlar. Ony ebedilik unutganlyk zyndanyna, açary ýitirilen gulpuň aňyrsyna oklaýarlar. Perwaýsyzlyk türmesinde goluny, aýagyny berk gandallap goýýarlar we ol ýerden çykarmak hakda asla pikirem etmeýärler. Ol hiç hili yş we ýagtylyk görmän, şol ýerde galyberýär. Sebäbi ol gutaran, geçen zat. Gaýgy--gam ony yzyna gaýtaryp bilmez. Pikir-alada ony dikeldip bilmez. Ünji-oý ony sagaldyp bilmez. Hasratam ony gaýtadan direldip bilmez, sebäbi ol indi ýokluk, bolmajak, dolanmajak zat. Geçmişiň garabasmasyna berilme we ötegçi kölegelerde saklanma. Özüňi geçmişiň salgymyna kowalamakdan halas et. Derýalary gözbaşyna, Güni dogýan ýerine, çagany enesiniň göwresine, süýdi göwüslere, gözýaşlary göze tarap yzyna öwürmek isleýärmiň?! Gaýdyp dolanmajak zatlaryň hyýalynda gezmek, bolup geçen zatlary gaýta-gaýta pikiriňde göterip, ahmyr çekip, öteniň oduna örtenip ýörmek – gynançly, gorkuly, eýmendiriji, haýykdyryjy ýagdaýdyr. Düýnki günüň depderlerini okasaň, bu günüňi elden giderersiň, yhlasyňy dyr-pytrak edersiň, häzirki sagatda bitirmeli zatlaryňa hötde gelip bilmersiň. Allatagala öten kowumlary we olaryň eden işlerini ýatlap «Olar eýýäm geçip giden kowum» diýip aýtdy. Iş soňlandy, wagt gutardy. Zamanaň göwresini uzaltmak üçin amalyýet geçirilmeýär, amal edibem, döwri dolap bolanok. Müň tilsim ulanybam, taryhyň çarhyny yzyna dolamak mümkin däl. Ol gitdi. Könäniň küýüne berlip, geçeni yzyna dolamak isleýän adam öň üwelen uny gaýtadan degirmene guýýan adam ýalydyr. Agaç üpüllerini gaýtadan ýonmak isleýän neçjar mysalydyr. Geçmişine gözýaş dökýän adam hakda gadymdan bäri aýdylýan bir söz bar: «Merhumlary göründen yzyna çykarjak bolma» diýilýär. Haýwanlaryň diline düşgür adamlaryň biri: «Sen näme üçin beýleki haýwanlar ýaly gäwüşäňok?» diýip, eşekden sorapdyr. Eşek: «Men ýalan, esassyz hereketleri halamaýaryn» diýip, jogap beripdir. Biziň özümizi dürsemegimize bökdençlik döredýän, ejizlige salýan esasy kynçylyk şu günümizi unudyp, geçmişiň pikirlerine aşa köp berilmegimizdir. Owadan köşklerimize biperwaý bakýarys-da, döwük köprülerde nazarymyzy egleýäris, ýöne yns-u-jynlar birigip, bir hörpden gopsa-da, olar geçmişi yzyna dolap bilmezler. Bu bolmajak zat. Öňe gidilýän ýolda adamlar yzyna garajak bolmasyn, ýeňsesine tiňke dikip durmasyn. Ýel elmydama öňe tarap öwüsýändir. Suw öňe tarap akýandyr. Kerwen öňe tarap ýöreýändir. Sen durmuşyň bu däbine ters hereket etmegin!
Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,
«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.