Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, 33-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçy gyzlarynyň arasynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen “Iň eýjejik gyzjagaz – 2024” atly şadyýan bäsleşigiň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap tapgyryny geçirdi. Oňa bäsleşigiň mekdep tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylaryň 17 sanysy gatnaşdy.
Eýjejik gyzjagazlar bäsleşigiň hormatly Prezidentimiz tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, ata Watanymyzy, eziz Diýarymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, milli egin-eşikleri geýip, olary şahyrana sözler bilen wasp etmek, ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek şertleri boýunça bäsleşdiler.
Eminler topary bäsleşigiň şertlerine görä, gyzjagazlaryň sahnada özlerini erkin we rahat alyp baryşlaryna, lybaslaryna, aýdym aýtmak başarnyklaryna, aýdymyň sözleriniň saz bilen sazlaşygyna, bellenilen wagtda şertleri ýerine ýetirişlerine laýyklykda baha berdiler.
Netije-de, 58-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Medine Ýoldaşowa 1-nji orna, 59-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýmelek Jumageldiýewa 2-nji orna, 1-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nurana Bazarowa hem-de 45-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Näzli Myradowa dagylar 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere hem-de oňa işjeň gatnaşan eýjejik gyzjagazlara bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Çary SAPAROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap
Geňeşiniň esasy hünärmeni.