Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, etrap medeniýet merkezinde Milli bahar baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2 – 4-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen “Iň eýjejik gyzjagaz – 2024” atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyryny geçirdi. Bäsleşigiň baş maksady, hormatly Prezidentimiziň ýaşlara beren sargytlaryndan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, bilimlerini kämilleşdirmekden, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan we goldamakdan, olaryň ähli taraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybarat bolup durýar.
Bäsleşige gatnaşan gyzjagazlar onuň düzgünnamasyna laýyklykda, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň netijesine laýyklykda, 50-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýnur Täçmyradowa 1-nji orna, 51-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýläle Gölliýewa 2-nji orna, 58-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýnur Kadyrowa hem-de 17-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Zeýnep Allamyradowa dagylar 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Ýeňijilere Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.