IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ – 2024 DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ AKDEPE ETRAP TAPGYRY

       Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi Akdepe etrap bilim bölümi bilen bilelikde, etrabyň medeniýet merkezinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2 – 4-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen “Iň eýjejik gyzjagaz – 2024” atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyryny geçirdi. Bäsleşige gatnaşan eýjejik gyzjagazlar onuň düzgünnamasyna laýyklykda, 3 şert boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň etrap tapgyry gyzgalaňly ýagdaýda geçdi.

       Şadyýan bäsleşigiň emin agzalarynyň  gelen netijelerine laýyklykda, 69-njy orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Selbi Kerimowa 1-nji orna, 53-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Mährem Ataýewa 2-nji orna, 65-nji  orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nurgözel Gadambaýewa 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolan eýjejiklere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Berdimyrat KAKAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar