Ýaňy-ýakynda şeýle çuň manyly şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň TAP-nyň Daşoguz welaýat komiteti, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi hem-de Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda, welaýatyň Şabat etrabynyň Altyn ýol geňeşliginiň Dilewar oba medeniýet öýünde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygy TMÝG-niň welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni Nurýagdy Galpakow alyp bardy. Duşuşykda TAP-nyň Daşoguz welaýat komitetiniň baş hünärmeni Baýram Amangeldiýew, TTGJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň agzalyk bölümçesiniň hünärmeni Jeren Gubyşewa, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gadam Kazakow hem-de talyby Dinara Akgajaýewa dagylar çykyş etdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynda edilen çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynda kabul edilen Karara laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagynyň akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolandygy, şahyryň belent adynyň ýylymyzyň şygarynda berkidilmeginiň onuň edebi mirasyny, sarpasyny dünýäde dabaralandyrýan halkymyz üçin baýramçylyk ruhundaky çagyryş bolandygy, berkarar Watanymyzyň ertirleriniň eýeleri boljak ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde Magtymguly atamyzyň döredijiliginiň tutýan wajyp orny barada giňişleýin belläp geçdiler.
Duşuşyga gatnaşanlar dana akyldaryň döredijiligini köptaraplaýyn öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Nurmyrat TATBAÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz
welaýat bölüminiň agzalyk bölümçesiniň uly hünärmeni.