IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ – 2024 DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ RUHUBELENT ETRAP TAPGYRY

       Ýaňy-ýakynda, hormatly Prezidentimiziň: Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys” diýen sargytlaryndan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşi, etrabyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2 – 4-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen “Iň eýjejik gyzjagaz – 2024” atly şadyýan bäsleşigiň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap tapgyryny geçirdi. Bäsleşige gatnaşan eýjejik gyzjagazlar onuň düzgünnamasyna laýyklykda, 3 şert boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň bu tapgyry gyzgalaňly ýagdaýda geçdi.

       Bäsleşigiň emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, 1-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Gülhanym Gulmyradowa 1-nji orna, 4-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Ogulgurban Garataýewa 2-nji orna mynasyp bolup, olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

 

Ýakup ATABAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Meňzeş habarlar