ZEMINIŇ GÖRKI ZENANLAR

          Golaýda şeýle baýramçylyk şygary bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde surat çekmek we sergi bäsleşigini geçirdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň Halkara zenanlar gününi dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlary bäsleşdiler. Bäsleşikde talyplar çeken suratlarynda baýdak deý buýsançly, dünýä gözellikleriniň ajaýyp nusgasy bolan türkmen zenanynyň keşbini, halkymyzyň ruhy dünýäsini çeper beýan etdiler. Bäsleşige işjeň gatnaşan talyplara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Hurşida ATAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar