Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň etrap häkimligi, etrabyň bilim we medeniýet bölümleri bilen bilelikde guramaklarynda, etrapdaky “Ýedi ýyldyz” toý mekanynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli, “Zeminiň ýaraşygy siz, zenanlar” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabara etrap häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrabyň bilim we saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, mährem eneler gatnaşdylar. Aýdym-sazly dabarada etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazlara, labyzly okalan goşgulara, joşgunly tanslara giň orun berildi.
Naz-nygmatly bereketli toý saçagynyň başyna jem bolan bagtdan paýly zenanlarymyz eziz Diýarymyzyň gadyr-gymmaty, jemgyýetimizde zenanlaryň orny, olar hakda döwlet derejesinde edilýän tagallalar dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Başlaryň täjine deňelýän mähriban zenanlarymyzyň adyna aýdylan ýagşydan-ýagşy arzuwlar dabara gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ýokary derejede guralan baýramçylyk dabarasy bu etrapda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän dabaralaryň üstüni ýetirdi.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan zenanlar halkymyza we mähriban zenanlarymyza uly sarpa goýýan, ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwlet ähmiýetli işleriniň dowamat-dowam bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly
etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.