IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ – 2024 “Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap tapgyry”

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap bilim bölümi bilen bilelikde, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdepde Milli bahar baýramy mynasybetli, orta mekdepleriň 2 – 4-nji synplarynda okaýan gyzlaryň arasynda yglan edilen “Iň eýjejik gyzjagaz – 2024” atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyryny geçirdi. Bäsleşigiň baş maksady, hormatly Prezidentimiziň “Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys” diýen sargytlaryndan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, bilimlerini kämilleşdirmekden, täze ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan ybarat bolup durýar.

      “Iň eýjejik gyzjagaz – 2024” atly şadyýan bäsleşigiň Görogly etrap tapgyryna onuň mekdep tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy gyzlaryň 20-ä golaýy gatnaşdy. Eýjejik gyzjagazlar düzgünnama laýyklykda, üç şert boýunça bäsleşip, öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

     Şeýlelikde, 17-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Arzuw Mergenowa 1-nji,  41-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Annabike Otuzowa 2-nji orna mynasyp bolup, olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

     Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere we oňa gatnaşan ähli eýjejiklere Ýaşlar guramasynyň Görogly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Hudaýnazar MEREDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar