Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, 13-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde, Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2 – 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda yglan eden “Iň eýjejik gyzjagaz – 2024” atly şadyýan bäsleşigiň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap tapgyryny geçirdi.
Bäsleşige gatnaşan eýjejik gyzjagazlar özleriniň şowhunly çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barylýan beýik tutumlary, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirdiler hem-de milli egin-eşiklerimizi şahyrana sözler bilen wasp etdiler. Şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry uly şatlyk-şowhuna beslendi.
Bäsleşigiň emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, 1-nji orna 93-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nurşat Myratowa, 2-nji orna 13-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýnur Saryýewa, 3-nji orna 94-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýlar Gazakowa mynasyp boldular. Olar şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we üstünlikli çykyş edenlere Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Mährijemal TOÝMÄDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.