Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň 54-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäre “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, şeýle-de, beýik akyldaryň terbiýeçilik ähmiýetli eserlerini ýaşlarymyza okap bermek arkaly olaryň arasynda tertip-düzgüni güýçlendirmek maksady bilen geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda Ýaşlar guramasynyň ýerli wekili, mekdebiň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy hem-de baýry mugallymlar çykyş etdiler. Çykyşlarda türkmen halkynyň milli buýsanjy Magtymguly Pyragynyň giň we köptaraplaýyn döredijiligi, ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan halypa-şägirtlik ýolunyň dowamat dowamdygy, berkarar Watanymyzyň ertirleriniň eýeleri bolan ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde Magtymguly atamyzyň döredijiligine ýüzlenmeklik, ýol-ýörelge edinmeklik, şeýle hem ýaş nesillerde şahyryň şygyrlarynda öňe sürülýän watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk, agzybirlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmek barada giňişleýin we buýsançly gürrüňler edildi. Şeýle-de, duşuşykda döredijilik bilen meşgullanýan okuwçylar özleriniň Magtymguly atamyza bagyşlap ýazan şygyrlaryny uly ruhubelenlik bilen okap berdiler.
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap
Geňeşiniň esasy hünärmeni.