Golaýda şeýle at bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrabyň merkezi kitaphanasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde toýlamak, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň baý many-mazmunyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.
Duşuşykda edilen çykyşlarda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren, her birimiziň ýan kitabymyza öwrüljek, “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň baý many-mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti baradaky täsirli gürrüňlere giň orun berildi. Şeýle-de, çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp kitabynyň bezeg aýratynlyklary, watansöýüji, ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ähmiýeti, onda türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň, olar üçin döredilen döwrebap mümkinçilikleriň beýan edilişi hakynda giňişleýin bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagynyň şahyra goýulýan belent sylag-hormatyň nyşany bolmak bilen bir hatarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyryň ömür-döredijiligini, edebi mirasyny has-da giňden öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga uly mümkinçilik berjekdigini buýsanç bilen aýtdylar.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge döredip berýän ajaýyp şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ýeňişmyrat NEPESOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy
etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.