Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrap häkimligi we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Halkara Zenanlar güni mynasybetli, etrabyň “Şatlyk” toý mekanynda “Zenan zeminiň zynaty” atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Oňa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda etrap medeniýet merkeziniň aýdym-saz we tans toparlarynyň bagtyýar ýaşlygy, ajaýyp bahar paslyny, gülden görkli zenanlarymyzy, mukaddeslige deňelýän mähriban enelerimizi wasp edip, ýerine ýetiren aýdym-sazlary belentden-belent ýaňlandy. Şeýle-de, ýaňlanan aýdym-sazlarda berkarar döwletimiziň, eşretli zamanamyzyň waspy öz aýdyň beýanyny tapdy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar etrabyň çagalar sungat mekdebiniň höwesjeň aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Gutlag bilen çykyş eden bagtyýar zenanlar özleri hakynda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Şeker HAÝTANOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.