Ýaňy-ýakynda şeýle bahary buşlaýan baýramçylyk şygary bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim we medeniýet bölümleri bilen bilelikde, etrap medeniýet öýünde edebi agşam geçirdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny dabaralandyrmak, okuwçy ýaşlaryň döredijilige, edebiýata bolan höwesini artdyrmak, şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan güni mynasybetli ýatlama dabarasyny guramak maksady bilen geçirilen edebi agşama Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň, etrap merkezi kitaphanasynyň, etrap medeniýet bölüminiň işgärleri hem-de etrabyň çägindäki orta mekdepleriň mugallymlary we döredijilik bilen meşgullanýan okuwçy ýaşlar gatnaşdylar. Edebi agşamda esasan hem, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, öwrenilişi barada, şonuň ýaly-da bahar paslynyň ilkinji güni doglan şahyr Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijilik ýoly barada 1-nji orta mekdebiň mugallymy Bahar Nazarowa, 13-nji orta mekdebiň mugallymy Döwran Atamedow, etrabyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Ogulboldy Öwezowa dagylar giňişleýin çykyşlar etdiler. Ýaş şahyr, etrabyň 28-nji orta mekdebiniň mugallymy Nazar Hanmedow, 1-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Daýanç Tagyşow, Ogulnabat Söýünowa, 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Nurana Tagandurdyýewa dagylar Magtymguly Pyragynyň, Gurbannazar Ezizowyň goşgularyndan çykyş etdiler we dürli temalarda özleriniň ýazan goşgularyny okap berdiler. Edebi agşama gatnaşýan mugallymlar, kitaphana işgärleri ýaşlaryň goşgularyny diňläp, olara halypalyk maslahatlaryny berip, döredijilikde üstünlikleri arzuw etdiler.
Edebi agşama gatnaşyjylar ýurdumyzda medeniýetiň, sungatyň ösmegi üçin ýadawsyz aladalary edýän, ýaşlara okamaga, döredijilik bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge giň şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Kemal SABYROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.