ADAM EDEBINDEN TANALAR

       Golaýda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap bilim bölümi bilen bilelikde, 7-nji orta mekdepde wagyz-nesihat ýygnagyny geçirdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri hem-de gymmatly maslahatlary esasynda, ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur, edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny giňden wagyz etmek, ýaşlary şol ruhda terbiýelemek maksady bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzda ýaş nesillere okamaga, hünär almaga, zähmet çekmäge döredilip berilýän giň mümkinçilikler, ýylymyzyň şygaryny dabaralandyrmak, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän her bir medeni, syýasy, köpçülik çäreleriniň ählisinde hem ýaşlaryň mynasyp orunlarynyň bardygy, ýaşlaryň okuwlaryna oňat ýetişmek bilen bir hatarda, jemgyýetçilik işlerine-de işjeň gatnaşmaklyk barada giňişleýin, täsirli çykyşlar edildi.

       Wagyz-nesihat ýygnagyna gatnaşyjylar ata-babalarymyzdan bize miras galan milli ýörelgelerimiziň mynasyp ýöredilmegi üçin, ýaşlara milli ruhda terbiýe bermek, halkymyza, ata Watanymyza wepaly nesilleri kemala getirmekde taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Täjigül GYLYJOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly

etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar