Şeýle şygar bilen, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi Gubadag şäher medeniýet merkeziniň, Gubadag şäher kitaphanasynyň işgärleriniň we ýaş okyjylaryň gatnaşmagynda, söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Onda Babadaýhan geňeşliginiň Daýhanazat oba medeniýet öýüniň sazandasy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Hudaýberen Baýramow, etrabyň medeniýet bölüminiň usulyýetçisi Yhlas Aşyrow, Gubadag şäher medeniýet merkeziniň folklýor toparynyň ýolbaşçysy Ogultäç Saparowa, Gubadag şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Perman Çemenow hem-de ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Olar özleriniň çykyşlarynda türkmen halkynyň şöhratly taryhynda ençeme alymlaryň, şahyrlaryň, akyldarlaryň ýaşap geçendiklerini, şeýle beýik ulamalaryň gymmatly eserleri, ylmy kitaplary bize miras galdyrandyklaryny, bu günki günde gadymy golýazma çeşmeleriniň ylmy esasda öwrenilýändigini, milli miras hökmünde goralýandygyny, kitabyň gymmatly hazynadygyny, döwürleriň hem-de medeniýetleriň arabaglanyşygydygyny, kitap bilen älem syrynyň açylýandygyny, onuň röwşen geljege şugla bolýan gymmatlykdygyny, adamy terbiýeleýän, öwüt-nesihat berip, dogry ýola salýan güýçdigini, geçmişde-de ata-babalarymyzyň bir ýere jemlenip, edil bagşy-sazandalary diňleýşi ýaly, bilimden ýüki ýetik sowatly, dana kişileriň manyly gürrüňlerini diňlemegi gowy görendiklerini bellediler. Şeýle-de, söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplarynyň ýaş nesle ata Watanyny, il-gününi, ata-enäni, päk zähmeti söýmegi öwretmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly eserlerdigini buýsanç bilen aýtdylar.
Parahat SABYROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz
etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.