ARKADAGYŇ ÝOLY – BAGTYŇ ÝOLY

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri halkyň, şol sanda ýaşlaryň arasynda dabaralandyrmak, wagyz etmek maksady bilen, «Arkadagyň ýoly – bagtyň ýoly» şygary astynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik çäresini gurady. Söhbetdeşlikde Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Gözel Köpükliýewa, TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap hem-de Daşoguz şäher Geňeşleriniň esasy hünärmenleri Şeker Haýtanowa we Şirin Haýtjanowa dagylar çykyş etdiler. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda 22-nji fewralda Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreler, Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasy hem-de olardan gelip çykýan wezipeler barada giňişleýin bellediler.

      Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşadýan, ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

      Bu «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

 

 

Aýnur ÝUSUPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar