Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 22-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ýaşlaryň arasynda dabaralandyrmak, wagyz etmek maksady bilen, “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Ony Daşoguz welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Elmira Owezowa bardy. “Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige TAP-nyň welaýat komitetiniň baş hünärmeni Baýram Amangeldiýew, Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri Aýnur Ýusupowa, Ýaşlar guramasynyň welaýatyň Akdepe hem-de Boldumsaz etrap Geňeşleriniň esasy hünärmenleri Gülşirin Gaýypowa we Parahat Sabyrow dagylar gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda 22-nji fewralda Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreler, Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasy hem-de bu taryhy mejlisden gelip çykýan wezipeler barada giňişleýin hem-de buýsançly belläp geçdiler.
Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy eşretli, parahat zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Bu “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Magsat OTUZOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.