Bahar pasly gülleriň müşk ysynyň burk urýan, tebigatyň durkydyr howasy bilen täzelenýän döwridir. Bu paslyň ilkinji günlerinde, ýagny 8-nji martda Halkara zenanlar güni dünýä ýüzünde giňden bellenilýär. Zenan diýlende, ilki bilen, mähriban ene, merdem, parasatly ojak eýeleri göz öňüňde janlanýar. Ene – beýik mukaddeslikdir. Ynsanyýetiň barlygy enäniň barlygy bilen bakydyr. Maşgalada mähriban käbelerimiziň tutýan orny uludyr, olaryň mertebesi belentdir. Mukaddes ojaklarymyzyň alawy enelerimiziň barlygy bilen yssydyr, bakydyr, çünki ene maşgalasyny özüniň yssy mähri bilen gurşap alýar. Maşgalalarymyz enelerimiziň barlygy bilen mukaddesdir, halaldyr, päkdir. Käbelerimiziň ýüreklerinde maşgalasyna, perzentlerine bolan mukaddes söýgi elmydama möwç urýandyr. Her bir maşgalanyň, öý-ojagyň özüniň asylly däpleri, tertip-düzgüni bar. Ana, şol däpleri ýöredýän, tertip-düzgüni pugtalandyrýan, nesilden-nesle geçirýän hem biziň mähribanlarymyzdyr. Maşgalada gyz-gelin, eneden, gaýyndan görelde alýar we şol göreldä eýerip, maşgalanyň mukaddesliklerine sarpa goýmagy öwrenýär. Oňat maşgalada terbiýe alan gyz geljekde gelin bolup düşen öýünde hem özüniň görüm-göreldesine eýerip, şol ojagyň tertip-düzgünine girişip, gaýyn enesini käbesi saýyp, gaýyn ene bolsa, gelen gelni öz nesliniň dowamaty saýyp, sarpalasa, onda şol ojakda bagtyýar durmuş höküm sürer. Bu günki gyz, geljekde gelin, gelin bolsa ene. Şeýde-şeýde, üstünden müňýyllyklar geçip, türkmen nesliniň dowamaty-dowam bolup gelýär. Şu ýerde bellemeli zatlaryň biri hem, enelerimiziň biziň diňe bir maşgala mukaddesliklerimizi däl, eýsem milletimiziň millilik ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, medeniýetini we sungatyny, ajaýyp el işlerini nesilden-nesle geçirip gelýärler. Biziň ene-mamalarymyzdan gelýän ajaýyp millilik ýörelgelerimiz bu günki günde täze röwşe eýe bolup, sarpasy artyp, beýik mukaddeslik derejesine göterilýär.
Mähriban käbelerimiz, ene mukaddesligi, ene söýgüsi barada megerem ýazylmadyk goşgy, ýaňlanmadyk aýdym, beýan edilmedik hekaýa, kyssa, çekilmedik çeper surat, megerem ýok bolsa gerek. Çünki ene goşgudyr aýdymlaryň sözbasyşy, çeper eserleriň esasy keşbi bolup durýar. Ynha, şeýle mukaddeslige näçe tagzym etseň hem, azdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mährem käbelerimiziň sarpasy belent, hormaty beýik. Kümüş saçly enelerimiz öý-ojaklarymyzyň, toý-baýramlarymyzyň bezegi, ýaş nesillerimiz üçin görüm-görelde, olaryň senaly dillerinden çykýan mähirli sözleri öwüt-ündew bolup, ýaşlar üçin terbiýe mekdebidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem enä bolan söýgüniň beýik nusgasyny öz enesine, ýurdumyzyň mähriban käbelerine bolan sylag-sarpasynyň, hormatynyň mysalynda görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbelerimize bagyşlap ýazan «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri mähriban käbelerimize nesilleriň belent söýgüsiniň beýanydyr. Elbetde, Halkara zenanlar güni mynasybetli, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çäreleri giň gerimde hem-de uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenip geçilýär.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, Halkara Zenanlar güni mynasybetli, kümüş saçly mährem enelerimiziň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda, «Gül görkli siz, asman-zemin zynaty siz, gudrat siz!» şygary bilen, baýramçylyk çäresini geçirdi. Çärede etrabyň medeniýet-sungat ussatlarynyň ata Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban enelerimizi wasp edip, ýerine ýetiren aýajyp aýdym-sazly çykyşlary zenanlarymyza goýulýan hormat-sarpanyň nyşany bolup ýaňlandy. Şeýle-de, bu ýerde görkezilen gülküli sahna oýunlary özüniň şowhunlylygy hem-de ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň pul sowgatlary çärä gatnaşyjy zenanlarymyza dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýramçylyk çäresiniň jemlenýän pursatynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk sözleri aýdym-sazyň üsti bilen beýan edildi.
Gülşirin GAÝYPOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap
Geňeşiniň esasy hünärmeni.