GÖZELLERIŇ HEM-DE GÖZELLIGIŇ BAÝRAMY

    Ýaňy-ýakynda şeýle şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdepde baýramçylyk çäresini geçirdi. Halkara zenanlar güni mynasybetli medeni çäreleri guramak, bu baýramçylyk bilen mugallymlary, okuwçy gyzlary gutlamak maksady bilen geçirilen dabarada gutlaglar bilen çykyş edildi. Onuň dowamynda mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde mähriban enelerimizi, zenanlarymyzy wasp edýän aýdymlar, edebi-sazly çykyşlar, çeper okaýyşlar, milli tanslary özünde jemleýän baýramçylyk konserti yzygiderlilikde dowam etdi.

    Dabara gatnaşanlar mährem enelerimize, gelin-gyzlarymyza çäksiz hormat goýýan, okamaga, öwrenmäge, zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Hudaýnazar MEREDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly

etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar