ZENAT ZYNATY – GÖZELLIGIŇ SUNGATY

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirmeginde Halkara zenanlar güni ýokary derejede bellenilip geçirilýär. Ähli döwürlerde hem halkymyz mähribanlygy, mylaýymlygy, wepalylygy, gözelligi, agraslylygy özünde jemleýän türkmen zenanlaryna uly hormat, sarpa goýupdyr. Ýurdumyzda zenanlar hakynda edilýän alada, olara zähmetde, durmuşda döredilýän mümkinçilikler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelligiň nusgasy bolan zenanlar bu günki gün önümçiligiň ähli pudaklarynda zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

        Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň, şol sanda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan pul sowgadyny gowşurmak dabarasy ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Dabara gatnaşan zenanlar ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

 

Gülaýym AŞYROWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 96 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 67 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI