Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her bir günümiz toý-baýramlara beslenýär. Şeýle baýramçylyklaryň ýene biri hem, ýaz paslynyň ilkinji günlerinde uludan bellenilip geçilýän enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň baýramy bolan Halkara zenanlar günüdir. Ýurdumyzda her ýyl Halkara zenanlar güni uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ak saçly enelerden başlap, gülüň gunçasy ýaly kiçijik gyzjagazlara pul sowgady berilýär.
Ýaňy-ýakynda hem Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda şol binada zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan pul sowgadyny gowşurmak dabarasy ýokary guramaçylykly geçdi. Aýdym-sazly baýramçylyk çäresinde ýerine ýetirilen enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy wasp edýän aýdym-sazlar dabarynyň täsirliligini artdyrdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşan wekiller zenanlaryň Hak Howandarlary bolan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar!
Humaý ATAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.












