Türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde hem iň ajaýyp häsiýetleri özlerinde jemläp, maşgala mukaddesligini gorap saklaýan gelin-gyzlarymyz akyl-paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda hem-de watansöýüjilikde milli buýsanjymyzdyr.
Ýakynda Balkan welaýatynyň «Bagt köşgi» toý mekanynda Balkan welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda «Gözelligiň nusgasy siz zenanlar» ady bilen 8-nji mart halkara zenanlar güni mynasybetli saçak başynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda zeminiň görki zenanlarymyzyň şanyna aýdym-sazlar, ajaýyp sözler ýaňlanyp dabaramyzyň şowhunyny hasda artdyrdy. Dabaraly ýagdaýda geçirilen baýramçylyk çäresinde mährem zenanlara goýulýan çäksiz hormat-sarpa, olar barada döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.