ŞADYÝAN GEÇEN BÄSLEŞIK

        Türkmenistany bagtly çagalygyň ýurduna öwren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň şadyýan, sagdyn ösmekleri, döwrebap bilim, terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri, geljekde mähriban Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde tassyklanan düzgünnamasy esasynda güneşli Diýarymyzda kiçi ýaşly mekdep okuwçy gyzjagazlaryň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly şadyýan bäsleşiginiň Balkan welaýatynyň etrap-şäher tapgyrlary şatlyk-şowhun bilen geçirildi.

        Gyzgalaňly geçirilen bäsleşigiň şerti boýunça şadyýan gyzjagazlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işleri, ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary diňlenildi. Gyzjagazlar geýnen türkmen milli egin-eşiklerini, dakynan şaý-seplerini çeper sözler bilen mahabatlandyrdylar, öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

        Bäsleşikde emin agzalaryň gelen netijesi boýunça Balkanabat şäher tapgyrynda Balkanabat şäherindäki 3-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Öwezowa Amanbike birinji, Balkanabat şäherindäki 21-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Seýitmämmedowa Merýem ikinji, Türkmenbaşy şäher tapgyry boýunça geçirilen bäsleşigiň netijesinde Türkmenbaşy şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Daýanjowa Oguldöwlet birinji, Türkmenbaşy şäheriniň 8-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Serdarowa Aýnagül ikinji, Bereket etrap tapgyry boýunça geçirilen bäsleşigiň netijesinde Bereket etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Baýrammämmedowa Nurşat birinji, Bereket etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Rejepmyradowa Emine ikinji, Türkmenbaşy etrap tapgyry boýunça geçirilen bäsleşigiň netijesinde Türkmenbaşy etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Esgerowa Jeren birinji, Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Mätiýewa Gurbanjemal ikinji, Magtymguly etrap tapgyry boýunça geçirilen bäsleşigiň netijesinde Magtymguly etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Saparmämmedowa Gülnar birinji, Magtymguly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Durdyýewa Şeýda ikinji, Esenguly etrap tapgyry boýunça geçirilen bäsleşigiň netijesinde Esenguly etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Meretdurdyýewa Gülzada birinji, Esenguly etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Durdymämmedowa Ogultuwak ikinji, Gyzylarbat etrap tapgyry boýunça geçirilen bäsleşigiň netijesinde Gyzylarbat etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Saparmyradowa Leýli birinji, Gyzylarbat etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Amangeldiýewa Leýli ikinji, Etrek etrap tapgyry boýunça geçirilen bäsleşigiň netijesinde Etrek etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Sopyýewa Mähekgül birinji, Etrek etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Annaesenowa Nurjeren ikinji orunlara mynasyp boldular. Birinji we ikinji orunlary eýelän eýjejik gyzjagazlar bäsleşigiň welaýat derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

        Bäsleşige gatnaşan şadyýan gyzjagazlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

 

Oguljeren ÇENDIROWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR